Donald Tramp täze syýasy partiýa gurmak isleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň soňky wagtlarda ýakyn töweregindäki adamlar bilen täze syýasy partiýa gurmak isleýändigini aýdandygy öňe sürüldi

1567478
Donald Tramp täze syýasy partiýa gurmak isleýär

Wall Street Journal gazediniň mesele bilen bagly ýakyn töwereklerine esaslanyp beren habaryna görä, şu gün Ak Tam bilen hoşlaşjak Tramp, täze bir syýasy partiýa gurmak üçin taýarlyk görýär. 

Soňky wagtlarda Trampyň ýakyn adamlaryna partiýa barada aýdyp berendigini bellän çeşmeler, partiýanyň adynyň bolsa "Patriot (Watançy)" boljakdygyny aýan etdiler. 

ABŞ-da Donald Trampyň tarapdary bolan käbir demonstrantlaryň ABŞ-nyň Kongresine girmeginden soň, Tramp Respublikan partiýasyndaky käbir adamlar bilen tersleşipdi. 

Tramp, 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirilen Prezident saýlawynda ýeňilsede, saýlawyň hileli geçendigini öňe sürüp, saýlawyň netijesine garşy bolupdy. 

Donald Tramp, ýurdyň ençeme ştatynda başladan hukuk etabyndan hem netije alyp bilmedi. 

Saýlawda üstünlik gazanan Jo Baýden, şu gün ýerli wagt bilen sagat 12:00-da kasam edip, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine başlar. 


Etiketkalar: #partiýa , #ABŞ , #Donald Tramp

Degişli Habarlar