Owganystan parahatçylyk ylalaşygynyň ýola goýulmagyny isleýär

Abdullah Kataryň paýtagty Doha şäherinde Taliban bilen dowam edýän gepleşiklerde parahatçylyk ylalaşygynyň ýola goýulmagyny isleýändiklerini habar berdi

1565972
Owganystan parahatçylyk ylalaşygynyň ýola goýulmagyny isleýär

Owganystanyň Milli Ylalaşyk Ýokary geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, paýtagt Kabulda geçirilen dabaralaryň birinde eden çykyşynda, Owganystanyň wekiliýetiniň Doha şäherinde doly ygtyýar bilen Taliban bilen gepleşiklerini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Owganystanyň gepleşikler üçin ugradan wekiliýetiniň ileri tutýan ugrunyň parahatçylyk ylalaşygyny ýola goýmakdygyny aýdan Abdullah: "Dohada dowam edýän Owganara gepleşiklerde aksiýalaryň bes edilmegini we parahatçylyk ylalaşygynyň ýola goýulmagyny isleýäris" diýip aýan etdi. 

Abdullah Abdullah Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin sebitleýin we halkara derejede jebislige mätäçligiň bardygyny belläp geçdi. 

Owganystanyň we Talibanyň arasyndaky 2-nji tapgyr gepleşiklere 14-nji dekabrda taraplaryň tassyklamagy bilen arakesme berileninden soň 6-njy ýanwarda ýaňadandan başlapdy. 



Degişli Habarlar