Russiýa ABŞ-nyň we ÝB-niň Nawalnyý bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Russiýa ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Nawalnyý bilen bagly beýanatyna: "Öz meseleleriňiz bilen meşgul boluň" diýip jogap berdi

1565792
Russiýa ABŞ-nyň we ÝB-niň Nawalnyý bilen bagly beýanatyna jogap berdi

Russiýa oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň göz tussaglygyna alynmagyna nägilelik bildiren ABŞ-e we ÝB-e: "Özygtyýarly döwletiň milli kanunlaryna garşy gelmäň, öz ýurduňyzdaky meseleleriňiz bilen meşgul boluň" diýip jogap berdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharow, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýdeniň Milli Howpsuzlyk maslahatçysy wezipesine bellejek Jeýk Salliwan we Ýewropa Bileleşigi, Moskwada göz tussaglygyna alynan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi bilen çagyryşlaryna jogap hökmünde sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň beýanatlaryny ozaldan taýarlanan beýanatlar hökmünde häsýetlendiren Zaharowa, "Halkara hukuga hormat goýuň. Özygtyýarly döwletiň milli kanunlaryna garşy gelmäň, öz ýurduňyzdaky meseleleriňiz bilen meşgul boluň" diýip belledi. 

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý, geçen ýyl zäherlenenligi sebäpli bejergi alan Germaniýadan Russiýa gaýdyp gelen mahaly, düýn Moskwadaky howa menzilinde polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alynypdy. 



Degişli Habarlar