Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 66 million 356 müň adama ýetdi

1563502
Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 987 müň 509 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 92 million 807 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 66 million 356 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 198 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 151 müň 765 adama ýetdi. Ýurtda soňky 1 günde ýene-de 16 müň 946 adamyň hasaba alynmagy bilen, jemi wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 512 müň adamdan geçdi. Hindistanda 16-nji ýanwardan başlap saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine we 50 ýaşdan ýokary ýaşda bolan adamlara sanjym edilmäge başlanar. 

Russiýanyň Koronawirus infeksiýasyna gözegçilik we öňüni alyş merkezi tarapyndan berilen beýanata görä, soňky 1 günde ýogalanlaryň sany 566 adamlyk artyş bilen 63 müň 370 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 22 müň 850 adam artyp, 3 million 471 müň 53 adama ýetdi. Ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurtda koronawirusa garşy giň gerimli sanjym işleriniň başladylmagy barada buýruk berdi. 

Hytaýda maý aýyndan bäri ilkinji gezek 1 adam koronawirus sebäpli ýogaldy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 635 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 87 müň 844 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 3 müňe ýeten, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 163 müň 100 adama ýeten Ermenistanda, wirusa ýoluganlaryň arasynda bolan ýurdyň Prezidenti Armen Sarkisýan saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi sebäpli hassahana ýatyryldy.

Palestinada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 adam köpelip, jemi 1 müň 814 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 168 müň adamdan geçdi. 

Ýaponiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 97 adamlyk artyş bilen 4 müň 289 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 304 müň 752 adama ýetdi. Lukmançylyk federasiýasynyň başlygy Nakagawa Toşio geçiren metbugat ýygnagynda öňüniň alynyp bilinmeýän epidemiýanyň artyş tizliginiň saglygy goraýyş ulgamyny täsiri astyna alandygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýyň ýurdyň ähli ýerinde ýola goýulmagynyň gerekdigini belledi. 

Koronawirus sebäpli 24 müň 951 adamyň ýogalan Indoneziýada, epidemiýa garşy köpçülikleýin sanjym işleri başladyldy. Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Siti Nadia Tarmizi beren beýanatynda, Sinovac Biontech kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň şu gün ilki bilen saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine edilmäge başlanandygyny habar berdi. 

Günorta Afrika Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, soňky 24 sagatda ýene-de 806 adamyň ýogalmagy bilen, Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 35 müň 140 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 278 müň 303 adamdan geçdi. 

Tunisde epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 415 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 168 müň 568 adama ýetdi. 

Liwiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 629 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 106 müň 670 adama ýetdi. 

 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar