Dünýäde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 987 müň 98 adama ýetdi

Dünýäde saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 66 million 305 müň adama ýetdi

1563393
Dünýäde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 987 müň 98 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 987 müň 98 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 92 million 788 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 66 million 305 müň adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 3 müňe ýeten, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 163 müň 100 adama ýeten Ermenistanda, wirusa ýoluganlaryň arasynda bolan ýurdyň Prezidenti Armen Sarkisýan saglyk ýagdaýynyň erbetleşmegi sebäpli hassahana ýatyryldy.

Palestinada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 adam köpelip, jemi 1 müň 814 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 168 müň adamdan geçdi. 

Ýaponiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 97 adamlyk artyş bilen 4 müň 289 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 304 müň 752 adama ýetdi. Lukmançylyk federasiýasynyň başlygy Nakagawa Toşio geçiren metbugat ýygnagynda öňüniň alynyp bilinmeýän epidemiýanyň artyş tizliginiň saglygy goraýyş ulgamyny täsiri astyna alandygyny belläp, adatdan daşary ýagdaýyň ýurdyň ähli ýerinde ýola goýulmagynyň gerekdigini belledi. 

Koronawirus sebäpli 24 müň 951 adamyň ýogalan Indoneziýada, epidemiýa garşy köpçülikleýin sanjym işleri başladyldy. Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Siti Nadia Tarmizi beren beýanatynda, Sinovac Biontech kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň şu gün ilki bilen saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine edilmäge başlanandygyny habar berdi. 

Günorta Afrika Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, soňky 24 sagatda ýene-de 806 adamyň ýogalmagy bilen, Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 35 müň 140 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 278 müň 303 adamdan geçdi. 



Degişli Habarlar