Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 65 million 865 müň adamdan geçdi

1562587
Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 970 müň 394 adama ýetdi. Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 92 million 22 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 65 million 865 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 564 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 10 million 495 müň adama ýetdi. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 192 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 298 müň 884 adama ýetdi. Ýurtda koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen 4 aýry welaýatda yglan edilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna ýene-de 7 welaýatyň goşuljakdygy habar berildi. 

Hytaýda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 634 adam ýogaldy, 87 müň 706 adam bolsa wirusa ýolukdy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 115 adam artdy, Kowid-19 sebäpli soňky 1 günde adam ýitgisi çekilmedi. 

Günorta Koreýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 185 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 70 müň 212 adam hökmünde hasaba alyndy. Günorta Koreýada şu günki güne çenli koronawirusyň Britaniýada ýüze çykan täze çalt ýaýraýan görnüşine ýoluganlaryň sany 16 adama ýetdi. Resmiler Britaniýa uçar sapar gadagançylygynyň 21-nji ýanwara çenli uzadylandygyny habar berdiler. 

Indoneziýada koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 24 müň 645 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 846 müň 765 adama ýetdi. Beýleki tarapdan Indoneziýada Sinovac Biontech kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymy ýurdyň paýtagty Jakartadaky Prezident köşgünde göni ýaýlym arkaly ilki ýurdyň Döwlet baştutany Joko Widodo, soň bolsa Saglygy goraýyş ministri Budi Gunadi Sadikine edildi. 

Malawide epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli 235 adam ýogaldy, 9 müň 27 adam bolsa hasaba alyndy. Ýurdyň Transport ministri Sidik Mia bilen Ýerli dolanşyk ministri Lingson Berekanýama koronawirus sebäpli ýogaldy. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 130 adamyň ýogalan Somalide, ýurdyň paýtagty Mogadişu şäherinde 26-njy noýabrdan bäri ilkinji gezek 3 adam koronawirusa ýolukdy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany şeýlelik bilen 4 müň 726 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar