Putin, Aliýew we Paşinýan üçtaraplaýyn gepleşikler geçirýärler

Putin, Aliýewe we Paşinýana minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň araçylyk tagallalarynyň sebitde hemişelik parahatçylygynyň üpjün edilmegi bilen baglydygyny beýan etdi

1561427
Putin, Aliýew we Paşinýan üçtaraplaýyn gepleşikler geçirýärler

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen Daglyk Garabag bilen bagly  geçirjjek üçtaraplaýyn maslahaty Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde başlady. 

Russiýanyň insiatiwasy boýunça geçirilýän Putiniň, Aliýewiň we Paşinýanyň arasyndaky Daglyk Garabag bilen bagly gepleşikler we sebitdäki ýagdaýyň ele alynjak maslahat, Aliýewiň we Paşinýanyň Garabagda ylalaşyk baglaşylanyndan soň geçirjek ilkinji ikiçäk duşuşyk häsýetindedir.

Duşuşykda Daglyk Garabag bilen bagly gazanylan üçtaraplaýyn ylalaşygyň durmuşa geçiriliş etaby bilen sebitdäki bar bolan meseleleriň çözüwi üçin edilijek ädimler maslahatlaşylar. 

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, duşuşykda mundan başgada sebitdäki çaknyşyklarda zyýan ýeten halka ynsanperwer kömek bermek, söwda, ykdysady we aragatnaşyk ugurlarynyň dikeldilmegi we özgerdilmegi ýaly meseleler ele alynar. 

Putiniň, üçtaraplaýyn maslahatdan soň Aliýew we Paşinýan bilen aýry-aýry ikiçäk duşuşyklar geçirmegine garaşylýar. 

Maslahatyň başyndan söz sözlän Putin, Aliýewe we Paşinýana minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň araçylyk tagallalarynyň sebitde hemişelik parahatçylygynyň üpjün edilmegi bilen baglydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar