Owganystanda Talibana garşy guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 12 adam ýogaldy

Nimruz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Rahmatullah Ömeri waka bilen bagly derňew işiniň geçirilýändigini aýan etdi

1560855
Owganystanda Talibana garşy guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 12 adam ýogaldy

Owganystanyň günbataryndaky Nimruz welaýatynda Owganystanyň Harby-howa güýçleri tarapyndan Talibana garşy guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 12 adam ýogaldy. 

Nimruzyň welaýat şurasynyň balygy Baz Muhammed Nasyr metbugata beren beýanatynda, Owganystanyň Harby-howa güýçleriniň Nimruz welaýatynyň Haşrud etrabynyň Manzari diýilen ýerinde Talibana garşy howa hüjüminiň guralandygy mälim edildi. 

Nasyr, howa hüjüminde raketalaryň biriniň öýleriň birine degmegi netijesinde asuda ilatdan 12 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Nimruz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Rahmatullah Ömeri waka bilen bagly derňew işiniň geçirilýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar