Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 198 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 466 müň 595 adama ýetdi

1561134
Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 198 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 943 müň 435 adama, wirus ýokanlaryň sany 90 million 702 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 64 million 825 müň adama ýetdi. 

Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 151 müň 198 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 466 müň 595 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 61 müň 837 adamyň ýogalan, 3 million 401 müň 954 adamyň wirusa ýolugan Russiýada koronawirus epidemiýasynyň dekabr aýynda Britaniýada ýüze çykan we has çalt depginler bilen ýaýraýan görnüşine gabat gelinendigi mälim edildi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 551 adamyň ýogalan, 135 müň 992 adamyň hasaba alynan Malaýziýada, ýurdyň Zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik galkynyş ministri Rina Mohd Harun hem koronawirusa ýolukdy. Ýurdyň Ykdysadyýet ministri Mustafa Muhammed, düýn Kowid-19 testiniň pložitel çykandygyny we hassahanada bejergi astyna alynandygyny habar beripdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda soňky 24 sagatda ýene-de 339 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kowid-19 sebäpli ýogalanaryň sany 33 müň 163 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 231 müň 597 adama ýetdi. 

Alžirde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 807 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsas 102 müň 144 adama ýetdi. 

Günorta Koreýada soňky 24 sagatda ýene-de 15 adam ýogaldy. Ýurtda şeýlelik bilen Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 140 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 69 müň 114 adama ýetdi. 

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy soňky 24 sagatda ýene-de 103 adamyň wirusa ýolugandygyny habar berdi. ýurtda soňky 1 günde koronawirus sebäpli adam ýitgisi çekilmedi. 



Degişli Habarlar