Zelenskiý Erdogana Sagbolsun Aýtdy

Ukrain deňizçileri 2016-njy ýyldan bäri Liwiýada tussaglykda saklanýardy

1560113
Zelenskiý Erdogana Sagbolsun Aýtdy

Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý 2016-njy ýylda Liwiýada saklanan ukrainaly deňizçileriň ýurtlaryna dolanmaklary üçin beren kömegi üçin Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Zelenskiý Twitterden beren habarnamasynda 5 ýyl Liwiýada saklanan “Kapitan Haýýam” tankeriniň ekipaž deňizçileriniň ýurtlaryna dolanyp barmaklaryna kanagatlanma bildirdi.

Ukrainanyň raýatlaryny hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyny we kyn ýagdaýda goýmajakdygynyy beýan eden Zelenskiý: “Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogana raýatlarymyzyň boşadylmagy üçin eden tagallasyna sagbolsun aýdýaryn. Türkiýäniň goldawyna minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwany 7-nji ýanwarda, 2016-njy ýylda Liwiýanyň deňiz giňişliginde saklanan “Kapitan Haýýam” tankeriniň ekipažyndan 4 Ukraina raýatynyň ýurtlaryny dolanjakdygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar