Tramp: "Täze hökümet 20-nji ýanwarda wezipä başlar" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümete rahat geçişi üpjün etjekdiklerini belläp, täze hökümetiň 20-nji ýanwarda wezipä başlajakdygyny habar berdi

1559790
Tramp: "Täze hökümet 20-nji ýanwarda wezipä başlar" diýdi

Tramp, çarşenbe güni özüni goldaýan demonstrantlaryň Kongrese girmegi bilen bagly tankydy belliklerden soň, Twitter hasabyndan wideo ýüzlenme berdi. 

Kongresdäki eden-etdiligi nejis bir hüjüm hökmünde häsýetlendiren Tramp: "Ähli amerikalylar ýaly men hem, aşa hereketlere, hukuksyzlyga we tertipsizlige erbet boldym" diýip belledi. 

Tramp, wakalaryň başlamagyndan gysga wagt soň tertip-düzgüniň ýola goýulmagy üçin milli gwardiýany we federal howpsuzlyk güýçlerini gönükdirendigini belläp: "Amerika hemişe hukuk döwleti boldy we mundan soň hem bolmalydyr" diýip beýan etdi. 

Protestçilere berk reaksiýa bildiren Tramp: "Siz ýurdumyza wekilçilik etmeýärsiňiz. Hukugyň düzgünlerini bozanlar, onuň jogabyny bererler" diýip nygtady. 

Ýurdyň kyn we agyr saýlaw etabyndan geçendigini aýdan Tramp: "Indi bolsa dartgynlyk bes edilmeli. Saýlaw kampaniýa toparym saýlawyň netijelerine nägilelik bildirmek üçin ähli hukuk ýollaryny ulandy. Ýeke täk maksadym, saýlawyň howpsuzlygyny üpjün etmekdi. Men Amerikan demokratiýasyny goramak üçin tagalla edýärin" diýip habar berdi. 

Ýurtdaky saýlaw ulgamynda reformanyň möhümdigini bellän Tramp: "Indi bolsa Kongres saýlawyň netijesini ykrar etdi we täze hökümet 20-nji ýanwarda wezipä başlar. Häzirki wagtda meniň maksadym rahat, tertip-düzgünli we kemçiliksiz geçiş etabyny üpjün etmek" diýip aýan etdi. 

Tramp, 2020-nji ýylyň kyn bir ýyl bolandygyny we özleriniň hem ellerinden gelenini edendigini aýdyp: "Hormatly tarapdarlarym, lapykeçlige sezewar bolanlygyňyzy bilýärin, emma ajaýyp bir ýolagçylygyň hem indi başlaýandygyny bilmegiňizi isleýärin" diýip habar berdi. 

Birnäçe gün ozal Ak Tamyň öňünde Trampyň hem gatnaşmagynda geçen mitingden soň, Kongresiň binasynyň öňüne ýörän müňlerçe protestçi bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy. 

Polisiýanyň barrikadalaryny geçen käbir demonstrantlar, Kongres binasyna giripdiler. 

Wakada 4 adam ýogalypdy, ençeme adam ýaralanypdy. 


Etiketkalar: #ABŞ , #kongres , #Donald Tramp

Degişli Habarlar