“Kongresiň Jaýyna Girenler Ýerli Terrorçy”

Jo Baýden, öňňin Kongrese girenleri “ýerli terrorçy” hökmünde häsiýetlendirdi.

1559638
“Kongresiň Jaýyna Girenler Ýerli Terrorçy”

ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Jo Baýden, öňňin Kongrese girenleri “ýerli terrorçy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Täze Adalat ministri Merrik Garlendi tanyşdyran Jo Baýden,  Prezident Donald Trampyň tarapdalarynyň Kongresiň jaýyna giren wakasy hakynda durup geçdi.

Wakanyň, Amerikanyň taryhynyň “iň garaňky” günlerinden biridigini aýdan Baýden, “Olar protestçy däl, olara protestçy diýmäň. Olar ýerli terrorçy. Tramp başyndan bäri demokratiýamyza garşy hüjüm başlatdy” diýdi.

Beýleki tarapdan başdan geçirlen wakalar sebäpli Transport ministri Çao, wakalardan Prezident Donald Trampyň jogapkärdigi sebäpli 11-nji ýanwardan başlap wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Prezident Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň jaýyna girendigi sebäpli düýn hem Ak Tamdan käbir ýolbaşçylar wezipesinden çekilipdi.

Öňňin Ak Tamyň öňünde Trampyň gatnaşmagynda geçirlen mitingden soň, Kongresiň jaýyna tarap ýörän müňlerçe tarapdar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk bolupdy. Polis barrikadalaryny geçen käbir protestçylar Kongresiň jaýyna giripdi

Başdan geçirlen wakalarda 4 adam ýogalypdy, köp sanly adam hem ýaralanypdy. Wakalarda howpsyzlyk güýçleriniň ot açandygy sebäpli ýogalan zenanyň 12 ýyl Howa güýçleri serkerdeliginde işländigi anyklandy.



Degişli Habarlar