Kongresde Başdan Geçirler Wakalar Sebäpli Ak Tamda Käbir Ýolbaşçylar Wezipelerinden Çekildi

Kongresiň jaýyna girmegi bilen başlan wakalar Ak Tamda käbir ýolbaşçylaryň wezipelerinden çekilmegine sebäp boldy

1559158
Kongresde Başdan Geçirler Wakalar Sebäpli Ak Tamda Käbir Ýolbaşçylar Wezipelerinden Çekildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň jaýyna girmegi bilen başlan wakalar Ak Tamda käbir ýolbaşçylaryň wezipelerinden çekilmegine sebäp boldy.

Prezident Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň kömekçisi Grişem wakalar sebäpli wezipesinden çekildi.

Bir wagtlar Ak Tamyň metbugat geňeşçisi wezipesini ýerine ýetiren Grişem mesele hakynda beren beýannamasynda, wezipesinden hoşaldygyny emma şu gün başdan geçirlen wakalar sebäpli wezipesinden çekilýändigini ýatlatdy.

Grişem Ak Tamda wakalar sebäpli wezipesinden çekilen ilkinji adam boldy.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Sera Matýu bilen Ak Tamyň Jemgyýetçilik işlerinden jogapkär müdüri Riki Niseta hem Kongresiň jaýyna girilmegi sebäpli wezipesinden çekildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa goldaw ýörüşini geçirenler, 3-nji noýabrda geçirlen saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan tassyklanjak oturlyşygyna garşylyk görkezmek maksady bilen barrikadalary geçip Kongresiň jaýyna giripdi.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli köçä çykmak gadagan edilipdi.



Degişli Habarlar