“Jo Baýden, ABŞ-nyň Prezidenti Hökmünde 20-njy Ýanwarda Wezipesine Başlar”

Kongres prezident saýlawynda Jo Baýdeniň ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan tassyklady

1559202
“Jo Baýden, ABŞ-nyň Prezidenti Hökmünde 20-njy Ýanwarda Wezipesine Başlar”

 

Jo Baýden 20-njy ýanwardan başlap ABŞ-ny 4 ýyl dolandyrjak prezident boldy.

Amerikanyň Kongresiniň jaýyna girilmeginden we başdan geçirlen wakalardan soň Kongres ýaňadandan jemlenişdi.

Bir tarapda sesleriň sanalmagy işleri dowam edýär, beýleki tarapdan Kongres prezident saýlawynda Jo Baýdeniň ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan tassyklady.

Wermont ştatynyň netijeleriniň bellige alynmagyndan soň Jo Baýden 270 kürsü çäklendirmesini geçip resmi taýdan ABŞ-nyň Prezidenti boldy.

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens sese goýulşykdan soň “Jo Baýden, ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde 20-njy ýanwarda wezipesine başlar” diýdi.

Donald Tramp bolsa, Kongresdäki sese goýulşykdan soň beren beýannamasynda “Saýlawyň netijelerine garşy bolsamda 20-njy ýanwarda wezipämi tabşyraryn” diýdi.



Degişli Habarlar