Dünýä Liderleri ABŞ-nyň Kongresindäki Wakalara Reaksiýa Bildirýär

ABŞ-da Prezident Donald Tramp we tarapdarlary Amerikan halkynyň kararyna sarpa goýmaly”

1559108
Dünýä Liderleri ABŞ-nyň Kongresindäki Wakalara Reaksiýa Bildirýär

 

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg ABŞ-nyň Kongresindäki wakalary “geň galdyryjy” hökmünde häsýetlendirdi

Stoltenberg ABŞ-nyň demonstrantlaryň barrikadalary geçip, Kongresiň jaýyna girmegi sebäpli ýüze çykan wakalara sosial media hasabyndan reaksiýa bildirip: “Waşingtondaky wakalar geň galdyryjy. Demokratik saýlawyň netijesine sarpa goýulmaly” diýip ýazdy.

ÝB-niň Ýokary wekili Jozef Borrel bolsa Waşingtondaky wakalary “ABŞ-nyň demokratiýasyna guralan görülip-eşidilmedik hüjüm” hökmünde häsýetlendirip, saýlawyň netijesine sarpa goýmaga çagyrdy.

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula Won Der Leýen bolsa: “ABŞ-nyň guramalarynyň we demokratiýasynyň güýjüne ynanýaryn. Hökümetiň parahatçylykly şertlerde çalşylmagy möhüm. Prezident saýlawynda Jo Baýden üstün çykdy. ABŞ-nyň geljekki prezidenti hökmünde onuň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň jaýyna girmegine uly adala bildirýändigini aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Twitterden beren habarnamasynda “Dünýäniň iň gadymy demokratiýalaryndan birinde wezipesini tabşyrjak prezidentiň tarapdarlary legal saýlawyň netijesine ýaraglar bilen garşylyk görkezýän bolsa bu ähliumumylyk pikirine zeper ýetirer” diýdi.

Awstriýanyň Prezidenti Aleksander Wan Der Bellen, ABŞ-da demokratiýanyň kalby bolan Kongresiň jaýyna girilmegine we demokratik gymmatlyklara guralan hüjüme uly alada bildirýändigini ýatlatdy.

Awstriýanyň Premýer ministri Sebastian Kurz hem Twitterden beren habarnamasynda, Waşingtonda başdan geçirlen wakalara geň galandygyna ünsi çekip “Demokratiýa guralan hüjüm kabul edilip bilinmez”diýip belledi.

Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda hem häkimiýetiň parahatçylykly ýagdaýda çalyşmagynyň güýçli demokratiýalaryň esasy görkezijilerinden biridigini nygtady we “Hukugyň üstünligi, köçeleriň kanunlary däl. Hyzmatdaş ýurtda demokratik gymmatlyklaryň üstünligine sarpa goýuljakdygyna doly ynanýarys” diýdi.

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bolsa “ABŞ-da häkimiýetiň parahatçylykly ýagdaýda çalyşmagy diýseň möhüm” diýdi.

Italiýanyň Premýer ministri Konte, Twitterden beren habarnamasynda “Waşintonda başdan geçilen wakalara uly alada bildirýärin. Zulum, demokratiýa, azatlyk we hukuk ýörelgelerine bap gelmeýär. ABŞ-nyň guramalarynyň güýjüne ynanýaryn” diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas “ABŞ-da Prezident Donald Tramp we tarapdarlary Amerikan halkynyň kararyna sarpa goýmaly” diýdi.

Şwesiýanyň Premýer ministri Löwfen bolsa “Waşingtonda başdan geçirilýän wakalara uly alada bildirýärin. ABŞ-da demokratiýa hüjüm guralýar. Wakalardan Prezident Tramp bilen birlikde Kongresiň käbir agzalary jogapkär. Prezident saýlawlaryndan soň demokratiýa etabyna sarpa goýulmaly. ABŞ güýçli demokratiýa eýe. Durnuklylygyň gysga wagtda ýola goýulmagyna garaşýarys” diýdi.

Daniýanyň Premýer ministri Mette Frederiksen Twitterden beren habarbamasynda “Ekstremizm, zulum we haos asla dogry ýol bolup bilmez. Waşingtonda başdan geçirlenler diýseň geň galdyryjy”diýip belledi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis “Waşingtonda başdan geçirilýän wakalar diýseň aladalandyryjy. Amerikanyň demokratiýasy güýçlidir we bu krizisiň hötdesinden geler” diýdi.

ABŞ-da Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň jaýyna girmegine, syýasatçylar bilen birlikde işewürler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sungat ussatlary uly garşylyk görkezdi.

ABŞ-nyň ozalky Prezident Jorj Buş hem, Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň jaýyna girmegine geň galandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa goldaw ýörüşini geçirenler, 3-nji noýabrda geçirlen saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan tassyklanjak oturlyşygyna garşylyk görkezmek maksady bilen barrikadalary geçip Kongresiň jaýyna giripdi.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli köçä çykmak gadagan edilipdi.



Degişli Habarlar