ABŞ-da Protestçylar Kogresiň Binasyna Girdi

Başdan geçirlen wakalar sebäpli ýerli wagt bilen 18.00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi

1558885
ABŞ-da Protestçylar Kogresiň Binasyna Girdi

 

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda, Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň binasyna çenli giren wakalarynda köp sanly polis gullukçysy bilen protestçy 1 zenan ýaralandy.

Şäherde başdan geçirlen wakalar sebäpli ýerli wagt bilen 18.00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi.

Paýtagt Waşingtonda ýöriş geçiren Trampyň tarapdarlaryndan käbiri, polis barrikadasyny geçip Kongresiň binasyna girdi.

Howpsyzlyk güýçleri, Kongrese giren protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Binadaky dyklyşykda 1 zenan ýaralandy. Ýaralanan zenanyň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.

Howpsyzlyk güýçleri, Kongresiň binasynyň golaýynda partlaýjy maddalarynyň tapylandygyny we täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Wakalar sebäpli Kongresde, Jo Baýdeniň prezidentlige saýlanandygyny tassyklajak oturluşyga arakesme berildi we oturluşygy gönükdirýän Wise-prezident Maýk Pens daşary çykaryldy. Pens birnäçe wagt soň beren beýannamasynda, Kongresiň binasyndaky wakalaryň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Wakalar sebäpli senatorlar hem binadan çykaryldy.

Başdan geçirlen wakalarda köp sanly polis gullukçysynyň ýaralanandygy nygtaldy.

Saýlanan prezident Jo Baýden, metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-da demokratiýa we hukugyň üstünligine garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Trampa ýüzlenen Baýden, “Kameralaryň öňüne çykmaly we Kongresdäki gabaw bes edilmeli” diýdi.

Pensilwaniýanyň gubernatory Tom Wolf, Twitterden beren habarnamasynda, paýtagt Waşintonda protestçylaryň Kongrese girmegini “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Wakalar sebäpli Tramp, Milli goragçylara “Kongresiň binasyndaky wakalaryň bes edilmegi” üçin görkezme berdi.

Prezident Donald Tramp, sosial mediadan beren habarnamasynda, protestçylara “parasatly bolmaklary” üçin çagyryş berdi. Dartgynlygyň möwjändigi sebäpli Donald Tramp bu gezek wideo ýüzlenme bilen “Saýlawda galplyk etdiler emma siz öýleriňize gitmeli” diýdi.

Tramp, ýörişlerden öň beren beýannamasynda bolsa prezidentlik saýlawynda ýeňilendigini kabul etmejekdigini aýdypdy.

Donald Tramp, 2020-njy ýylyň 3-nji noýabrynda geçirlen prezident saýlawynyň netijeleriniň tassyklanmagy maksady bilen Kongresde geçiriljek oturluşyk üçin Waşingtonda bir ýere jemlenşen tarapdarlaryna gülle geçirmeýän aýnanyň arkasyndan ýüzlenip eden çykyşynda “Demokratlaryň saýlawlarda galplyk edendigini” öňe sürüpdi.

Saýlawda özüniň üstünlik gazanandygyny aýdan Tram “Asla ýeňilendigimi kabul etmerin we boýun egmerin” diýipdi.

 



Degişli Habarlar