Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 61 million 623 müň adama ýetdi

1558446
Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 877 müň 440 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 86 million 899 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 61 million 623 müň adama ýetdi. 

Hindistanda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 150 müň 151 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 milliion 375 müň 478 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 445 adam artyp jemi 59 müň 951 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 142-si paýtagt Moskwada bolmak jemi 24 müň 217 adam artyp, umumy 3 million 308 müň 601 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 3 müň 489 adamyň ýogalandygyny, wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 455 müň 144 adama ýetendigini aýdan eden Ysraýyl, soňky 24 sagatda ýene-de 8 müň 308 adamyň wirusa ýolugandygyny habar berdi. Ýurtda 2020-nji ýylyň 27-nji dekabrynda yglan edilen karantin düzgüniniň 2 hepde möhlet bilen dowam etjekdigi habar berildi.

Kipriň Grek böleginde epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 134 adama ýetdi. Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 569 adamlyk artyş bilen 25 müň adamdan geçdi. 

Yrakda soňky 24 sagatda ýene-de 12 adamyň koronawirus sebäpli ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 12 müň 856 adama ýetdi. Ýurtda şol wagt aralygynda wirus ýokanlaryň sany bolsa 757 adamlyk artyş bilen 599 müň 126 adama ýetdi.

Saud Arabystanynda soňky 1 günde ýene-de 9 adam ýogaldy, 104 adam bolsa hasaba alyndy. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 6 müň 265 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 363 müň 259 adama ýetdi. 

Günorta Afrika Respublikasynda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 30 müň 524 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 127 müň 759 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli 3 müň 655 adamyň ýogalan we 247 müň 960 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada koronawirusa garşy göreş bilen bagly hökümete maslahat berýän wekiliýet, ýurdyň paýtagty Tokio şäherinde we onuň töweregindäki welaýatlarda adatdan daşary ýagdaýyň kabul edilmegi barada talap bildirdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 428 adamyň ýogalan, 19 müň 964 adamyň hasaba alynan Senegalda, soňky günlerde wirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý we köçä çykmak gadagançylygy girizildi. 

Epidemiýa sebäpli 7 müň 670 adamyň ýogalan, 517 müň 920 adamyň bellige alynan Bangladeşde hökümet Britaniýadaky Oksford uniwersitedi bilen derman kärhanasy AstraZeneca tarapyndan oýlanyp tapylan koronawirus sanyjymynyň gyssagly ýagdaýda ulanylmagyny tassyklady. 

Günorta Koreýada soňky 24 sagatda ýene-de 20 adam ýogalyp, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 27 adama ýetdi. Ülkede wirus ýokanlaryň sany bolsa 840 adam artyp, jemi 65 müň 818 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 23 müň 109 adama, Pakistanda bolsa 10 müň 461 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar