“Asla ýeňilendigimi kabul etmerin we boýun egmerin”

Waşingtonda başdan geçirlen wakalar sebäpli ýerli wagt bilen 18.00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi

1558788
“Asla ýeňilendigimi kabul etmerin we boýun egmerin”

 

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda başdan geçirlen wakalar sebäpli ýerli wagt bilen 18.00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi.

Paýtagt Waşingtonda ýöriş geçiren Trampyň tarapdarlaryndan käbiri, polis barrikadasyny geçip Kongresiň binasyna girdi.

Wakalar sebäpli Kongresde, Jo Baýdeniň prezidentlige saýlanandygyny tassyklajak oturluşyga arakesme berildi we oturluşygy gönükdirýän Wise-prezident Maýk Pens daşary çykaryldy.

Howpsyzlyk güýçleri, Kongrese giren protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Prezident Donald Tramp, sosial mediadan beren habarnamasynda, protestçylara “parasatly bolmaklary” üçin çagyryş berdi.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli paýtagtda köçä çykmak gadagan edildi.

Tramp, ýörişlerden öň beren beýannamasynda bolsa prezidentlik saýlawynda ýeňilendigini kabul etmejekdigini aýdypdy.

Donald Tramp, 2020-njy ýylyň 3-nji noýabrynda geçirlen prezident saýlawynyň netijeleriniň tassyklanmagy maksady bilen Kongresde geçiriljek oturluşyk üçin Waşingtonda bir ýere jemlenşen tarapdarlaryna gülle geçirmeýän aýnanyň arkasyndan ýüzlenip eden çykyşynda “Demokratlaryň saýlawlarda galplyk edendigini” öňe sürüpdi.

Saýlawda özüniň üstünlik gazanandygyny aýdan Tramp “Asla ýeňilendigimi kabul etmerin we boýun egmerin” diýipdi.

 


Etiketkalar: #Donald Trump , #ýöriş , #ABŞ

Degişli Habarlar