Günorta Sudanda Ilatyň Ýarysyndan Gowragy Açlyga Sezewar

10 million ilatly Günorta Sudanda ilatyň ýarysyndan gowragyna açlyk howpy abanýar

1556910
Günorta Sudanda Ilatyň Ýarysyndan Gowragy Açlyga Sezewar

Halkara Halas ediş guramasynyň Günorta Sudan boýunça Direktory Korolaýn Sekýewa koronawirus epidemiýasynyň durmuş şertlerine ýaramaz täsir ýetirendigini aýtdy.

Sekýewa: “Günorta sudanlylar onsuz hem azyk ýetmezçiligini başdan geçirýärdi. Çaknyşyklar, ykdysady çökgünlik, epidemik keseller we tebigy apatlar şertleri hasam agyrlaşdyrdy. Ýurtda 7 million adam açlyga sezewar” diýdi.

Ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň kömege mätäçdigini, şertleriň şu ýyl hasam agyrlaşjakdygyny beýan eden Sekýewa: “Ýurtda 1,7 million adam aşa açlyk bilen göreşýär” diýdi.

BMG-niň düzümleri Günorta Sudanda çaknyşyklaryň dowam edýän käbir etraplarynyň ynsanperwer kömegine açylmalydygyny, eger şeýle bolman halatynda açlyk sebäpli agyr ýitgileriň çekiljekdigini duýdurypdy.

İçerki urşuň gutarandygyna garamazdan käbir etraplarda etniki toparlaryň arasydaky çaknyşyklaryň dowam edýändigi sebäpli ykdysady çökgünlik, epidemiýa we sil apatlary durmuş şertlerini hasam agyrlaşdyrýar.



Degişli Habarlar