Russiýa Siriýanyň Demirgazyk-Gündogaryna Harby Güýç Getirýär

Russiýa Siriýanyň demirgazyk-gündogaryna ýüzlerçe esger we ulag ornaşdyrýar

1553230
Russiýa Siriýanyň Demirgazyk-Gündogaryna Harby Güýç Getirýär

Russiýa Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan basylyp alynan Hasakada we etraplarynda pozisiýasyny güýçlendirip, esger sanyny müňe ýetirdi.

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä Russiýa Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky Hasaka welaýatynda soňky 1 aýdan bäri bazalarda we beýleki harby merkezlerde pozisiýasyny berkidip, esger sanyny artdyrmaga dowam edýär.

Rus goşunlary dekabr aýynyň dowamynda Latakiýe welaýatyndaky Hmeýmim harby howa bazasyndan ýük uçarlary bilen ýüzlerçe sowutly harby ulag bilen logistiki konteýnerlerini Hasakanyň Kamyşly etrabyna ugratdy.

Soňky gezek geçen hepde 2 harby uçar bilen 6 dik uçaryň any bilen köp sanly rus esgeri Latakiýeden Kamyşly etrabyna geldi.  

Esgerler Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligindäki Kamyşly howa menziline we golaýdaky rus bazalaryna ornaşdy.

Goşmaça güýçleriň getirilmeginden soň howa menzilinde we golaýda ornaşan rus esgerleriniň sany iki esse artyp, müňe ýetdi.

Russiýa ýurdun dürli etraplarynda hökümetiň tarapynda durýan we aýratyn goldaýan toparlaryndan seçip alan 1200 adamy hem Kamyşly howa menziline jemlendi.

Rus serkerdeleri 300 adamlyk toparlara bölünen Siriýanyň esgerlerine agyr ýarag we snaýper ugurlarynda tälim berýär.

Tälimler Kamyşly howa menzilinde ertiriň irki sagatlarynda başlaýar, her topara 3 rus esgeri serkerdelik edýär.



Degişli Habarlar