Russiýada internetdäki esassyz öňe sürmelere agyr jezalar beriler

Kanun Putin tarapyndan hem tassyklanan halatynda täze ýyldan başlap güýje girer

1552027
Russiýada internetdäki esassyz öňe sürmelere agyr jezalar beriler

Russiýanyň parlamendiniň aşakgy ganady bolan Döwlet Dumasynda kabul edilen kanun bilen internediň we sosial medianyň üsti bilen ýazylan esassyz habarlara berilýän pul jerimeleri mundan soň azatlykdan mahrum etmek ýaly jezalara öwrürip biliner.

Şoňa laýyklykda, resmi ýolbaşçylara garşy aýdylan we ýazylan esassyz habarlaryň paýlaşylan sosial medianyň eýelerine takmynan 27 müň dollar pul jerimesi beriler. 

Pul jerimesini bermedikler bolsa 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilerler. 

Bir adamyň saglyk ýagdaýy bilen bagly berilen habara 40 müň dollar jerime salynar we 4 ýyl azatlykdan mahrum ediler. 

Internediň üsti bilen edilen jynsy taýdan kemsitemere we töhmetlere bolsa 67 müň dollar pul jerime beriler ýa-da 5 ýyl azatlykdan mahrum ediler. 

Mundan ozal bular ýaly eden-etmişlere diňe pul jezasy berilýärdi. 

Parlamendiň ýokarky ganady tarapyndan hem tassyklanan kanun, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň stolunda. 

Kanun Putin tarapyndan hem tassyklanan halatynda täze ýyldan başlap güýje girer. 


Etiketkalar: #jerime , #jeza , #kanun , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar