BSGG Türkiýäniň Garrylar Öýlerinde Degişli Çäre Görendigini Beýan Etdi

Gurama Türkiýedäki garrylar öýlerine baryp, görülen çäreler bilen tanyşdy

1550457
BSGG Türkiýäniň Garrylar Öýlerinde Degişli Çäre Görendigini Beýan Etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkiýäniň garrylar öýlerindäki saglygy goraýyş işgärlerine degişli çäreleri gördürip, garrylaryny täze görnüş koronawirusdan gorandygyny habar berdi.

Gurama Türiýede garrylar öýlerinde, bejeriş merkezlerinde koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde alyp baran işlerini web sahypasynda seljerdi.

BSGG-nyň “Türkiýe garrylar öýlerindäki saglygy goraýyş işgärlerine degişli çäreleri gördürip, garrylaryny Kowid-19-dan gorady” söz başysy bilen taýarlan işinde, Türkiýede korowirus keseliniň hasaba alynmagyndan 2 hepde ozal garrylar öýlerine gelim-gidimiň çäklendirilendigi we alty hepde öň bolsa garrylary wirusdan goramak boýunça çäreleri görmäge başlandygy mälim edilýär.

İşde, Türkiýede garrylar öýleri bilen bejeriş merkezlerinde görülen şol çäreleriň netijesinde wirusyn şol ýerlere ýaýramagynyň çäklendirilendigi beýan edildi.

Türkiýedäki garrylar öýlerinde ýaşaýanlar we işgärler bilen duşuşan guramanyň wekilleri, taýarlan işinde garrylar öýleriniň işgärleriniň 14 günlük gezekleşikli nobat usulynda işländigini, yzgiderli häsýetde Kowid-19 testleriniň geçirilendigini habar berdiler.

BSGG garrylar öýleriniň ýaşaýjylarynyň bolsa epidemiýanyň ýurt we dünýä üçin uly howp döredýändigine göz ýetirýändiklerini, emma özlerine gowy seredilýändigini aýdandyklaryna ünsleri çekýär.

 



Degişli Habarlar