Merkel Koronawirusa Garşy Göreşde Fiziki Aralyk Düzgünleriniň Berjaý Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel koronawirusa garşy göreşde fiziki aralyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini isledi

1529158
Merkel Koronawirusa Garşy Göreşde Fiziki Aralyk Düzgünleriniň Berjaý Edilmegi Üçin Çagyryş Etdi

Merkel wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly welaýatlaryň premýer ministrleri bilen geçiren Kowid-19 temaly maslahatdan soň beýannama berdi.

Häzirki wagta çenli koronawirusa garşy görülen çäreleriň epidemiýanyň giň möçberde ýaýramagynyň öňüni alandygyny beýan eden Merkel; “Edilmeýän her bir gatnaşyk gowy. Şol sebäpli ýene-de bir gezek aç-açan beýan edesim gelýär; ýörite üýşmeleňlerden we çärelerden çetde duralyň” diýdi.

 Epidemiýa garşy göreş boýunça 25-nji noýabrda ýene-de bir maslahatyň geçiriljekdigini mälim eden Merkel, geljek hepde geçiriljek maslahatda 30-njy noýabrda gutarýan çäklendirmeleriň hasam berkidilmeginiň gün tertibine geljekdigini aýtdy.

Merkel aýratynam gerek bolan ýerlerde 15 FFP2 görnüşli örtügiň arzanladylan nyrhdan bermek boýunça karar kabul edendiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar