Wenada Guralan Terrorçylykly Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

Hüjümde ýaralanan 15 adamdan 7-siniň ýagdaýy agyr

1520631
Wenada Guralan Terrorçylykly Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

 

Awstriýanyň paýtagty Wenada sinagogyň golaýynda guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 2 adam ýogaldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Harald Sörös, APA gullugyna beren beýannamasynda, şahsyýeti näbelli adamlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda asuda ilatdan 1 adam bilen hüjümçilerden biriniň ýogalandygyny aýtdy.

Hüjümde ýaralanan 15 adamdan 7-siniň ýagdaýy agyr.

Içeri işler ministri Karm Nehammer hüjüm baradaky beýannamasynda, Awstriýanyň taryhynyň iň agyr günlerinden birini başdan geçirendigini belledi.

Ministr Nehammer “Terrorçylykly hüjüm howpyny başdan geçirýäris. Gynansakda hüjümde ýaralananlar we ýogalan bar. Howpsyzlyk güýçlerimiz hüjümçilerden birini täsirsiz ýagdaýa getirdi, biri bolsa gaçmagy başardy” diýdi.

Halka mejbur bolmadykça öýlerinden daşary çykmazlyklary üçin duýduryş beren Nehammer, çagalaryň mekdebe gitmezlikleri üçin çagyryş berdi.

Awstriýanyň Premýer ministri Sebastian Kurs hem “Howpsyzlyk güýçlerimiz hüjümiň jogapkärleriniň tapylmagy üçin tagalla edýändigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar