Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda Talibana agza terrorçylaryň guran hüjüminde 6 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1508893
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Baglan welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Jawid Başarat, Talibana agza terrorçylaryň Baglan welaýatynyň Guzergahi Nur etrabynyň merkezine ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Başarat hüjümde 6 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Başarat, hüjümden soň bolan ýaragly çaknyşykda Talibanly başbozarlaryň hem ýitgi çekendigini aýan etdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 



Degişli Habarlar