Müsürli Oppozisioner, Halka Hökümete Garşy Protest Ýörişleriniň Geçirilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Muhammed Ali “gorky barrikadalaryny böwsen” müsürlileriň protest ýörişlerine gatnaşmagyna garaşýandygyny belledi

1494921
Müsürli Oppozisioner, Halka Hökümete Garşy Protest Ýörişleriniň Geçirilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Ispaniýada ýaşaýan müsürli oppozisioner Muhammed Ali, halka, hökümete garşy protest ýörişleriniň geçirilmegi üçin çagyryş berdi.

Muhammed Ali, ýurtdaky oppozisionerleriň Mükemmilin telewideniýesinde eden çykyşynda, hökümete garşy geçirilýän protest ýörişleriniň dowam etdirilmegi üçin çagyryş berdi.

Giza, Aswan we Iskenderiýe ýaly käbir şäherlerde öňňin geçirlen ýörişlere ünsi çeken Ali “gorky barrikadalaryny böwsen” müsürlileriň protest ýörişlerine gatnaşmagyna garaşýandygyny belledi.

Müsürli oppozisioner Muhammed Ali, geçen ýylyň 20-njy sentýabrynda Prezident Sisiniň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy ýörişiň geçirilmegi üçin çagyryş beripdi.

Geçen ýyl çagyryşa laýyklykda meýdanlara çykan ýüzlerçe adam saklanypdy, emma soň olaryň esasy bölegi boşadylypdy. 



Degişli Habarlar