“AstraZeneca” Sanjym Synaglaryny Bes Etdi

Derman firmasy “AstraZeneca” koronawirus sanjymynyň synaglaryny subýektlerden biriniň ýarawsyzlanmagy sebäpli bes etdi

1487529
“AstraZeneca” Sanjym Synaglaryny Bes Etdi

“AstraZeneca” firmasyndan berilen beýannamada subýektlerden birinde “näbelli ýarawsyzlygyň” ýüze çykmagy sebäpli synaglaryň bes edilendigi habar berildi.

Saglygy goraýyş saýty “STAT-da” ýerleşdirilen habarda sanjymyň synaglarynyň birnäçe ýurtda geçirilýändigi, ýarawsyzlanan subýektiň Britaniýadadygy mälim edildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş Direktory Tedros Gebreýesus Kowid-19 üçin köp sanly umytlandyryjy sanjym barlaglarynyň bardygyny, olaryň “peýdaly” we “ynamly” bolandygy anyklanandan soň peýdalanyljakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar