Rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenendigi mälim edildi

Berlindäki hassahana Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýy bilen bagly beýanat berdi

1478962
Rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenendigi mälim edildi

Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki Şarite hassahanasynda bejergi astyna alynan rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň ilkinji kegitlemelere görä zäherlenendigi mälim edildi. 

Şarite hassahanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Alekseý Nawalnyýnyň ilkinji kesgitlemelere görä zäherlenendigi, emma zäherlän maddanyň nämedigi entek dolulygyna anyklanmandygy aýan edildi. 

Alekseý Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy, emma häzirki wagtda janyna howp saljak derejede däldigi aýdylýan beýanatda, mundan başgada nerw sistemasynda ýüze çykyp biljek netijeleriň ünsden düşürilmeli däldigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasatyndan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel, Alekseý Nawalnyýnyň ilkinji testiniň netijesiniň Sibirde bolan mahaly zäherlenendigini görkezendigini belledi. 

Rus oppozisioner aktiwistiň tiz wagtda sagalmagyny dilän Borrel: "Ýewropa Bileleşigi Nawalnyýnyň janyna kast edilendigini görkezýän bu hereketi ýazgarýar. Rus resmiler wagt ýitirmän Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen bagly garaşsyz we açyk bir derňew başlatmagy gerek" diýip nygtady. 

Borrel, rus halky we halkara jemgyýet Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen bagly hakykatlary bilmek isleýändigini belläp, jogapkärleriň jezalandyrylmagyny talap etdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Daşary işler ministri Haýko Maas hem, rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmeginden jogapkär bolanlaryň adaladyň öňüne çykarylmagy barada çagyryş berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Germaniýadaky hassahanalaryň birinde rus oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň ilkinji kesgitlemelere görä zäherlenendigi baradaky beýanatyna, Russiýa tarapyndan nägilelik bildirildi. 

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Germaniýadaky hassahananyň Nawalnyýnyň kesellemegine sebäp bolan maddany entek anyk ýagdýada ýüze çykarmandygyny belledi. 

Peskow, nemes lukmanlaryň Nawalnyýnyň ýagdaýy üçin Zäherlendi sözüni ulanmakda gyssag etmeli däldigine ünsleri çekdi. 

Peskow, rus oppozisioner Nawalnyýnyň kesellemeginiň sebäbiniň zäherlendigi doly ýagdaýda anyklananyndan soň derňew işiniň başladyljakdygyny mälim etdi. 

20-nji awgustda Russiýanyň Tomsk şäherinden Moskwa şäherine gitmek maksady bilen uçara münen Alekseý Nawalnyý, uçarda özüni erbet duýmagy sebäpli ýolagçy uçar, Omsk şäherine gyssagly ýagdaýda gonupdy. 

Zäherlenendigi baradaky şübhe bilen Omsk şäherindäki hassahana ýatyrylan Nawalnyýnyň çaýyna goşulan bir madda bilen zäherlenendigi öňe sürülipdi. 

Nawalnyý, 22-nji awgustda Omsk şäherinden ýörite uçar bilen Berline alynyp gidilipdi. 



Degişli Habarlar