Minskde demonstrantlardan biri elindäki partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli ýogaldy

“Partlaýjy maddasy demonstrandyň elinde ýaryldy we ýogaldy”

1470626
Minskde demonstrantlardan biri elindäki partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli ýogaldy

 

Belarusda ýekşenbe güni geçirlen prezident saýlawyna garşylyk görkezýän demonstrantlardan biri elindäki partlaýjy maddasynyň ýarylmagy sebäpli ýogaldy.

Içeri işler ministrliginiň Twitterden beren beýanatynda, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň saýlawda üstünlik gazanmagyna garşy paýtagt Minskde geçirilýän protest ýörişlerine howpsyzlyk güýçleriniň garşylyk görkezendigi nygtaldy.

Beýanatda, demonstrantlardan biriniň howpsyzlyk güýçlerine garşy partlaýjy maddasyny ulanmaga çalşandygy nygtalyp “Partlaýjy maddasy demonstrandyň elinde ýaryldy we ýogaldy” diýildi.

Içeri işler ministri Ýuriý Karaýew hem beýanatynda, Belarusa we halkyň bähbidine hyzmat etmeýänleriň durnuklylygy we asudalygy bozmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Ministr Karaýew “Guramaçylaryň ynsanlary bikanun işler üçin höweslendirýändigi we olary özbähbitleri üçin ulanýandyklary açyk aýdyň. Çagalary kirli oýunlaryna degişli etdiler” diýdi.

Howpsyzlyk güýçleriniň raýatlara birnäçe gezek duýduryş berendigini ýatladan ministr Karaýew, şol duýduryşlara gulak asylmandygy sebäpli hem demonstranlaryň hem-de howpsyzlyk güýçleriniň ýitgi çekýändigini ýatlatdy.

Ministr Karaýew, ýurtdaky ýagdaýyň durnuksyzlaşmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar