Liwanda Prezident Mişel Awnyň we parlamentdäki syýasy partiýalaryň wezipesinden çekilmegi islenýär

Demonstrantlar parlamentiň binasyna tarap ýöriş etmek isledi

1470669
Liwanda Prezident Mişel Awnyň we parlamentdäki syýasy partiýalaryň wezipesinden çekilmegi islenýär

 

Liwanyň paýtagty Beýrutda hökümetiň wezipesinden çekilmegi bilen birlikde demonstrantlar parlamentiň binasyna tarap ýöriş etmek isledi.

Paýtagtyň merkezinde bir ýere jemlenşen ýüzlerçe adam, Prezident Mişel Awnyň we parlamentdäki syýasy partiýalaryň hem wezipesinden çekilmegini isledi.

Howpsyzlyk güýçleri bolsa parlamentiň binasyna tarap ýöriş etmek islän ýüzlerçe demonstranda garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Demonstrantlaryň sanynyň köpelmäge başlandygy sebäpli goşmaça howpsyzlyk topary geldi.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Tripoli şäherinde bolsa hökümetiň wezipesinden çekilmegi feýerwerkler bilen gutlandy.

Beýrut portunda geçen hepde bolan güýçli partlamadan soň edilýän basyşlar sebäpli Liwanda hökümet wezipesinden çekildi.

Hassan Diýabyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, oktýabr aýynda ykdysady krizise garşy geçirlen protest ýörişleri sebäpli wezipesinden çekilen Milli jebislik hökümetinden soň, ABŞ-nyň sanksiýalarynyň nyşanasyndaky Liwanly Hizbullahyň we syýasy hyzmatdaşlarynyň goldaw bermeginde gurlupdy.

Beýrut portunda 4-nji awgustda partlaýjy maddalarynyň saklanýan ammaryndaky ýangyndan soň bolan partlamada 163 adam ýogalypdy, 6 müňe golaý adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar