Beýrutta Demonstrantlar Hökümeti Protest Etdi

Demonstrantlar, Beýrut portunda bolan güýçli partlamadan syýasatçylaryň we resmileriň jogapkärdigini beýan edip, protest geçirdi

1470016
Beýrutta Demonstrantlar Hökümeti Protest Etdi

 

Liwanyň paýtagty Beýrutda düýn agşam parlamentiň binasyna ýöriş etmek islän demonstrantlara howpsyzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz bilen çäre gördi.

Paýtagtyň merkezindäki Şehitler meýdanynda jemlenşen topar 4-nji awgustda Beýrut portunda bolan güýçli partlamadan syýasatçylaryň we resmileriň jogapkärdigini beýan edip, protest geçirdi.

Şehitler meýdanynyň golaýyndaky Mejlisiň binasyna çeni baran we şol bir wagtda şol ýerde ornaşan howpsyzlyk güýçlerini daşlan demonstrantlara howpsyzlyk güýçleri göz ýaşardyjy gaz bilen çäre gördi.

Şol ýerde demonstrantlara goşulmak üçin Şehitler meýdanyna baran Prezident Mişel Awnyň körekeni we halk deputaty Şamil Rukyz, syýasatçylaryň aralaryna goşulmagyny islemeýän demonstrantlaryň garşylygyna sezewar boldy.

Öňňin bolsa paýtagtda jemlenşen müňlerçe raýat, şäherde 158 adamyň ýogalmagyna we 6 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan partlamadan jogapkär saýýan döwlet resmilerini protest edipdi.

Mejlisiň binasyna barmak islän we käbir ministrlikleriň binalaryna hüjüm eden demonstrantlara howpsyzlyk güýçleri berk çäre gördi. Gijäniň bir wagtyna çenli dowam eden wakalarda bir sany howpsyzlyk gullukçysy ölüpdi, 70 sanysy howpsyzlyk gullukçysy 238 adam ýaralanypdy, 20 adam saklanypdy.



Degişli Habarlar