Zelenskiý bilen Lukaşenko rus hakynatutma esgerleri hakynda pikir alyşdy

Belarusyň howpsyzlyk güýçleri, rus howpsyzlyk firmasy Wagneriň tabyn hakynatutma 33 esgeriň tussag edilendigini mälim edipdi

1467700
Zelenskiý bilen Lukaşenko rus hakynatutma esgerleri hakynda pikir alyşdy

 

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Lukaşenko bilen Zelenskiý telefon söhnetdeşliginde Belarusda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilen 33 rus hakynatutma esger hakynda pikir alyşdy.

Ukrainanyňž Prezidenti Wladimir Zelenskiý, tusag edilen söweşijileriň Donbasdaky çaknyşyklara gatnaşandygyny we Ukrainanyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan olar hakynda gozgalan işiň dowam edýändigini belledi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem howpsyzlyk güýçleriniň bu meselede Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda baglaşylan halkara şertnamalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

Belarusyň howpsyzlyk güýçleri geçen hepde ýurtda rus howpsyzlyk firmasy Wagneriň tabyn hakynatutma 33 esgeriň tussag edilendigini mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar