Eýran ABŞ Bilen Tussaglary Çalyşmak Isleýär
Resmi Tähran bu meselede Waşingtondan jogaba garaşýandygyny beýan etdi
Eýranyň hökümetiniň Metbugat sekretary Ali Rebii ABŞ-nyň tussaghanalaryndaky eýranly tussaglaryň koronawirusa ýoluklaryna alada bildirýändiklerini we resmi Waşington bilen tussaglary çalyşmaga taýardyklaryny aýtdy.
Eýranly Talyplar habarlar gullugynyň (ISNA) mälim etmegine görä ABŞ-da koronawirusyň ýaýrama depginine ünsi çeken Rebii: “ABŞ-nyň tussaghanalaryndaky eýranlylaryň saglyk ýagdaýy bizi aladalandyrýar. Resmi Waşingtonyň adamyň janyny syýasatdan ileri tutmagyny tama edýäris” diýdi.
Uzak wagtdan bäri ABŞ bilen tussaglary çalyşmak isleýäňdiklerini nygtan Rebii: “Daşary işler ministrimiz hem ähli tussaglaryň çalyşylmagy we mesele boýunça gepleşikler üçin hiç hili şert goýmajakdygyny beýan edipdi. Emma ABŞ häzirki wagta çenli bu meselde jogap bermedi” diýdi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.