Demirgazyk Koreýa Hytaýy takdyr etdi

Kim Çen Ynyň hatyny haçan ugradandygy barada bolsa maglumat berilmedi

1413213
Demirgazyk Koreýa Hytaýy takdyr etdi

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baştutany Si Szinpine, resmi Pekiniň koronawirus epidemiýasyny gözegçiligi astyna almak babatynda eden üstünlikli tagallalaryny takdyr etdi. 

Koreýanyň Merkezi Habar agentligi, Kim Çen Ynyň Si Szinpine ugradan hatynda, Hytaýyň Döwlet baştutanyny gutlaýandygyny, ozal görülip-eşidilmedik epidemiýa garşy göreşini we alan oňyn netijelerini takdyr edýändigini belläp geçdi.

Kim Çen Ynyň hatyny haçan ugradandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Soňky birnäçe hepde bäri Kim Çen Ynyň saglyk ýagdaýynyň gowy bolmandygy ýa-da ölendigi baradaky habarlar öňe sürülipdi. 

Şol öňe sürmelerden soň, Kimiň ýurdyň paýtagty Phenýanda dökün fabriginiň açylyşyny edýän mahaly düşürilen suratlaryny we wideolaryny paýlaşypdy. 



Degişli Habarlar