Demirgazyk Koreýanyň lideri harby türgenleşige gatnaşdy
Bütin dünýä koronawirus epidemiýasyna garşy göreş alyp barýarka, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, harby türgenleşige gatnaşdy
1395418
Sputnik tarapyndan berilen habara görä, harby türgenleşik Ýokary Halk mejlisiniň ýyllyk maslahatyndan ozal geçirildi.
Koronawirus epidemiýasynyň ýurduna syçyramandygyny belleýän Demirgazyk Koreýa, eýýäm 1 aý bäri arakesmesiz dowam edýän türgenleşigiň soňkusyny geçirdi.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bolsa harby türgenleşige ýerinden tomaşa etdi.
Geçirilen ozalky harby türgenleşikde bolsa gysga aralykly ballistik raketa synagy geçirilipdi.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.