Türkiýedäki bosgunlaryň Gresiýanyň Lesbos adasyna geçişleri dowam edýär

Ýewropa gitmek isleýän bosgunlaryň Gresiýanyň Lesbos adasyna geçişleri dowam edýär

1377701
Türkiýedäki bosgunlaryň Gresiýanyň Lesbos adasyna geçişleri dowam edýär

Düýn agşam gaýyklar bilen ýola çykan, aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan takmynan 25 bosgun, Gresiýanyň Kenarýaka Howpsyzlyk gullugy tarapyndna Lesbos adasyndaky Moliwos portyna alynyp gidildi.

Gijäni portda geçiren bosgunlara ýorgan we nahar berildi.

Takmynan 1 hepde ozal Lesbos adasyna aýak basan takmynan 40-a golaý bosgun hem adanyň Skala Sikaminea kenarynda meýletinler tarapyndan gurulan 2 çadyrda galýar.

Adam hukuklarynyň ähli düzgünleri basgylanýan 3 müň orunlyk çadyr düşelgesinde bolsa takmynan 25 müň bosgun galýar.

Resmiler, adamlaryň köplügi we arassaçylyk şertleriniň bolmadyk Moria çadyr düşelgesinde keselleriň has çalt ýaýrap biljekdigi barada duýduryş berýärler.


Etiketkalar: #bosgun , #Lesbos adasy

Degişli Habarlar