Gani 5 müň Taliban başbozaryny boşadar

Aşraf Gani ABŞ bilen Talibanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda tussaglykdaky 5 müň Talibanyň boşadylmagy hakynda karar kabul etdi

1376383
Gani 5 müň Taliban başbozaryny boşadar

 

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani ABŞ bilen Talibanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda tussaglykdaky 5 müň Talibanyň boşadylmagy hakynda karar kabul etdi

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä 14-nji martdan başlap 1500 tussag Taliban boşadylar.

Owganara gepleşikleriň başlamagy bilen iki hepdeden bir 1500 tussag boşadylar.

Beýannamada Ganiniň bu karary gepleşikleriň öňüni açmak we ýagşy niýetin alamagy hökmünde kabul edendigi nygtalýar.

Ikinji tapgyrda boşadyljak tussaglar üçin çaknyşyklaryň azaldylmagy şertiniň goýulandygy nygtalyp, boşadylanlardan urşa gatnaşmajakdyklary barada ýazmaça kepilnama alynjakdygy mälim edilýär.

Talibanyň Katardaky ofisiniň wekili Suhail Şahin ozalky beýannamasynda ABŞ-Taliban ylalaşygynyň çäginde ýesir çalşygy hakynda boşadylmagyny islän tussaglarynyň sanawyny Amerikan resmilerine berendiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar