Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protest ýörüşleri dowam edýär

Fransiýada ýurdyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň syýasatlaryny protest edýän Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalary eýýäm 67 hepde bäri dowam edýär

1364636
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protest ýörüşleri dowam edýär

Ýurdyň paýtagty Parižde Şamperret etrapçasynda bir ýere üýşen demonstrantlar, Demirgazyk otly bekedine ýörediler. Giň gerimli howpsyzlyk çäreleriniň astynda geçirilen demonstrasiýa hadysasyz tamam boldy.

Ýurdyň Lill şäherinde 1 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçen demonstrasiýalarda bolsa demonstrantlar bilen polisiýa işgärleirniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi. Polisiýa işgärleri demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy. Ýurdyň başgda ençeme ýerinde Sary ýeňsizlileriň protestler geçirildi.

Ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyna we ýaramaz ykdysady şertlere nägilelik bildirmek maksady bilen başlan, belli bir wagt soň bolsa Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy protestlere öwrülen Sary ýeňsizlileriň demonstrasiýalary 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan bäri dowam edýär.

Sary ýeňsizlileriň başlan gününden bäri 11 adam ýogaldy, 26 adam gözünden mahrum boldy, 5 adamyň eli gopdy we takmynan 500 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar