Donald Tramp Eýrana jogap berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan Eýrana jogap: “Ýok, minnetdar” diýdi

1347579
Donald Tramp Eýrana jogap berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň sanksiýalar ortadan aýrylsa ABŞ bilen gepleşikler geçirip biljekdigi baradaky teklibine: “Ýok, minnetdar” diýip jogap berdi.

Donald Tramp, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarifiň sanksiýalar ortadan aýrylan halatynda ýurdunyň gepleşiklere açykdygy baradaky sözlerine, özüniň Twitter hasabyndan jogap berdi.

Tramp: “Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň sanksiýalar ortadan aýrylsa gepleşikler geçirmek isleýändigini aýdýar. Ýok, minnetdar” diýip belledi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Germaniýanyň Der Spigel žurnalyna beren beýanatynda: “Biz üçin Ak Tamda kimiň bardygy möhüm däl, esasy zat olaryň nähili hereket edýändikleri. Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, ozalky ýalňyşlaryny düzedip biler, sanksiýalary ortadan aýyryp biler we gepleşikler stolyna gaýdyp gelip biler. Biz häzirki wagtda hem gepleşikler stolundadyrys, stoldan turan olar” diýip nygtap geçipdi.


Etiketkalar: #jogap , #Eýran , #Donald Tramp

Degişli Habarlar