“Ruhani sile ýetişmedi”

Eýranda sil apaty sebäpli 250 million dollarlyk ýitgi çekildi

1343427
“Ruhani sile ýetişmedi”

 

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan-Bulujistan welaýatynda 9-njy ýanwardan bäri dowam edýän sil apaty sebäpli 250 million dollarlyk ýitgi çekildi.

Welaýat häkimi Ahmed Ali Muhubeti, Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beren beýanatynda, sil sebäpli 250 million dollarlyk ýitgi çekilendigini aýtdy.

Siliň Kenarek, Çabahar, Serbaz we Fenuj şäherlerine uly zeper ýetirendigini aýdan Muhubeti, 885 obanyň ýolunyň ýapylandygyny belledi.

Prezident Hasan Ruhaniniň 9-njy ýanwarda bolan sil apatyndan 9 gün soň welaýata iş saparyny guramagy Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde tankyt edildi.

Şark gazeti mesele hakyndaky habaryny “Ruhani sile ýetişmedi” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Sil apaty sebäpli welaýatda 3 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

 

                                                                              

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar