Eýranda hökümete garşy protestler geçirilýär

Uçaryň Eýranyň howa goranyş ulgmalary tarapyndan ýere gaçyrylandygy aýan edileninden soň, Eýranda protestler geçirilýär

1339149
Eýranda hökümete garşy protestler geçirilýär
tahran rejim karsiti gosteri4.jpg
tahran rejim karsiti gosteri3.jpg
tahran rejim karsiti gosteri2.jpg
tahran rejim karsiti gosteri1.jpg

Eýranyň paýtagty Tähranda ýere gaçyrylan Ukrainanyň awiokompaniýasyna degişli ýolagçy uçarda ýogalan adamlar üçin geçirilen hatyralama çäreler, hökümete garşy protestlere öwrüldi.

Uçaryň Eýranyň howa goranyş ulgmalary tarapyndan ýere gaçyrylandygy aýan edileninden soň, Eýranda protestler geçirilýär.

Ýurdyň paýtagty Tähranyň Emir Kebir, Tähran we Şerif uniwersitetlerinde od açylyp, ýere gaçyrylan uçarda ýogalan adamlar üçin şemler ýakylyp geçirilen hatyralama çäresinde hökümete garşy şygarlar aýdyldy.

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylara we suratlara görä, uçarda ýogalan adamlaryň arasynda 14 talyby bolan Şerif uniwersitetiniň öňünde ýygnanan adamlar “Süleýmani ganhordyr, ýolbeledi (Hamaneý) sowatsyzdyr” sözleri bilen nägilelik bildirdiler.

Tähran uniwersitetinde bolsa noýabr aýynda benziniň bahalarynyň gymmatladylmagy bilen bagly geçirilen protestlerde 1500 adamyň ýogalandygy bilen bagly we diktatora ölüm şygarlary aýdyldy. Maşad şäherindäki Ferdöwsi uniwersitetinde ýogalan adamlar üçin hatyralama çäresi geçirildi.

Hemedan, Yspyhan, Şiraz we Reşd ýaly şäherlerde geçirilen protestlerde hem hökümet ýazgaryldy we hökümete garşy şygarlar aýdyldy.

Beýleki tarapdan Eýranyň döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy Zehra Hatemirad, wezipesini mundan beýläk ýerine ýetirip bilmeýändigini habar berip, işinden çykýandygyny aýan etdi.



Degişli Habarlar