Horwatiýa Yrakdaky esgerlerini çykardy
Kararyň NATO bilen utgaşyklykda kabul edilendigi bellenilýär
Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada NATO degişlilikde Yrakda iş alyp barýan horwat esgerleriniň Kuweýtde howpsyz zolaga geçirilendigi habar berildi
NATO-nyň kabul eden kararyna laýyklykda Bagdatdaky 14 horwat esgeriniň ählisiniň Kuweýde alynyp gidilendigi beýan edilen bolsa, iş möhleti gutaran 7 esgeriň gysga möhletde ýurduna dolanjakdygy mälim edildi.
Beýannamada: “Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde sebitdäki howpsyzlyk şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Ýerlikli kararlary utgaşykly görnüşde kabul ederis” diýilýär.
NATO Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyna degişli İýerusalim güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmaniniň ABŞ-nyň howa hüjüminde öldürilmeginden soň Yrakdaky tälim missiýasynyň işlerini wagtlaýynça bes edendigini habar beripdi.