Kasym Süleýmaniniň jaýlanmagy bilen bagly geçirilen çärede dyknyşyk boldy

Wakada 35 adam ýogaldy

1336253
Kasym Süleýmaniniň jaýlanmagy bilen bagly geçirilen çärede dyknyşyk boldy

Eýranyň Kirman şäherinde Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp baran Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmani üçin geçirilen jynaza çäresinde 35 adam ýogaldy.

Jaýlamak dabarasynyň geçiriljek ýerine şäheriň merkezinden we golaýdaky ýaşaýyş ýerlerinden ýüz müňlerçe eýranly geldi. Jaýlamak çäresinde bolan dyknyşykda şeýle hem 48 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Başdan geçirilen dyknyşykdan soň jaýlamak dabarasy duruzuldy we jaýlamak işleri yza süýşürildi. 

Kasym Süleýmaniniň jynazasy, ýurdyň paýtagty Tähranda geçirilen çäreden soň öz dogduk ýeri Kirmana ugradyldy.

Jynazasy şu gün irden Kirman howa menziline bardy.

Kirmanda jynaza çäresiniň geçiriljek meýdana şäheriň merkezinden we golaýdaky ýerlerden köp sanda adam geldi.  

Şäheriň baýdaklar bilen gyzyl reňke bürenendigi bellenip, Eýranyň halkynyň şygarlar aýdýandygy mälim edildi.

Adamlaryň köplügi sebäpli jaýlanmak çäresiniň haçan geçiriljekdigi aýan edilmedi. Jynaza çäresine hem syýasy hem-de harby resmileriň gatnaşjakdygy habar berildi.

Dabara gatnaşan Ynkylap goragçylarynyň Baş serkerdesi Hüseýin Selami, eden çykyşynda öjüň alynjakdygyny belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň  we Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Mühendisiň Bagdat howa menziliniň golaýynda guralan hüjümde öldürilendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar