Donald Tramp Eýrana ýene-de bir hemle atdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Eýranyň sebitdäki amerikan raýatlaryna ýa-da ýerlerine hüjüm guran halatynda tiz we proporsional bolmadyk ýagdaýda garşylyk görkezip biljekdiklerini aýan etdi

1335206
Donald Tramp Eýrana ýene-de bir hemle atdy

Donald Tramp, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk artýan mahaly özüniň Twitter hasabyndan täze bir beýanat berdi.

ABŞ-nyň Eýrana garşy göçümleri bilen baglanşykly öz ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň beýanatlarynyň Kongrese berilen maglumatlardan ybaratdygyny aýdan Tramp: “Eýranyň islendik amerikan raýatyna ýa-da ýerlerine hüjüm guran halatynda ABŞ tiz we bar güýji bilen garşylyk görkezer, hatda belkem proporsional bolmadyk ýagdaýda garşylyk görkezer” diýip beýan etdi.

Tramp, Kongrese kanuny taýdan hiç hili maglumat bermäge mejbur däldigini, emma ondada maglumat berendigini habar berdi.


Etiketkalar: #Eýran , #Kongres , #Donald Tramp

Degişli Habarlar