Ruhani we As-Sadr, general Kasym Süleýmaniniň öýüne baryp, gynanç bildirdiler

Hasan Ruhani, Kasym Süleýmaniniň öýüne baryp, aýalyna we çagalaryna gynanç bildirdi

1334689
Ruhani we As-Sadr, general Kasym Süleýmaniniň öýüne baryp, gynanç bildirdiler

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Yrakdaky Sadr Hereketiniň lideri Mukteda As-Sadr, ABŞ-nyň Bagdat howa menziliniň golaýynda guran hüjüminde öldüren eýranly general Kasym Süleýmaniniň Tährandaky öýüne baryp, gynanç bildirdiler.

Hasan Ruhani, Kasym Süleýmaniniň öýüne baryp, aýalyna we çagalaryna gynanç bildirdi.

Ruhani ol ýerde sözlän sözünde: “Amerikalylar nähili uly derejede ýalňyş hereket edendiklerini bilmeýärler. Bu aksiýanyň netijelerini diňe şu gün däl, eýsem öňümizdäki döwürde hem görerler” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Yrakdaky Sadr hereketiniň lideri Mukteda As-Sadr hem Kasym Süleýmaniniň maşgalasynyň Tährandaky öýüne baryp, gynanç bildirdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi Sadryň zyýaraty bilen baglanşykly wideo ýazgy paýlaşdy.

Sadr, Süleýmaniniň öldürilmeginden soň, öz gol astyndaky Mehdi goşunyna we Ýewm Al-Mewud harby toparyna taýarlykly bolmak barada çagyryş berdi.

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý hem düýn Kasym Süleýmaniniň öýüne barypdy.



Degişli Habarlar