Kerkugyň günortasyna goşmaça harby topar ugradyldy

DAIŞ tarapyndan guralýan hüjümleriň öňüni almak üçin Kerkuga harby topar ugradyldy

1331000
Kerkugyň günortasyna goşmaça harby topar ugradyldy

Yragyň ýaragly güýçleri, terror guramasy DAIŞ-iň guraýan hüjümleriniň artýandygy sebäpli Kerkugyň günortasyna goşmaça harby topar ugratdy.

Kerkugyň Operasiýalardan jogapkär serkerdesi Saad Harbiýe, Yragyň ýaragly güýçleriniň hataryndaky 34nji harby topar bilen birlikde köp sanly tankyň we agyr ýaragyň şäheriň günortasyna ornaşdyrlandygyny aýtdy.

Harbiýe, ady agzalýan harby toparyň şäheriň günortasynda çetki etrapçalarda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralýan hüjümleriň öňüni almak üçin ugradylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar