“Eýranyň Siriýa we Yraga ornaşmagyna ýol bermeris”

Ysraýylyň Baş ştabynyň Başlygy Awiw Kohaw Eýranyň Siriýa we Yraga ornaşmagyna ýol bermejekdiklerini aýtdy

1329520
“Eýranyň Siriýa we Yraga ornaşmagyna ýol bermeris”

Kohaw Herziliýa şäherinde geçirilen maslahatda Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyna tabynlykdaky Kudus güýjüniň Yraga her gün döwrebap ýarag getirýändigini öňe sürüp; “Muňa ýol bermeis. Eýranyň Yraga we Siriýa ornaşmagna rugsat bermeris” diýdi.

Kohaw Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky çaknyşyk ähtimallygyna ünsi çekip; “Eýran bilen çäkli çaknyşma ähtimallygy bar we biz onuň üçin taýarlyk görýäris” diýdi.

Ysraýylyň 19-njy iýulda F-35 uçary bilen Yragyň Salahaddin welaýatyndaky Amirli harby düşelgesinde, 28-nji iýulda bolsa paýtagt Bagdadyň demirgazyk gündogaryndaky harby düşelgelerden birinde Eýrana degişli raketa ýapgytlarynyň goýulan ammaryny bombalandyğy öňe sürülipdi, Ysraýylyň degişli edaralaryndan bolsa şol habarlar hakynda beýanat berilmändi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bolsa awgust aýynda Ukrainanyň paýtagty Kiýewde beren beýannamasynda: “Yrakda ýerleşýän Eýrana degişli harby pozisiýalaryň iýul aýynda Ysraýyl tarapyndan urlandygyny” duýdurypdy.



Degişli Habarlar