Pakistanyň Premýer ministri Türkiýe barada öwgülü sözler aýtdy

“Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine we türk halkyna, Türkiýäniň dünýäde iň köp bosguny kabul edendigi üçin sag bolsun aýdýaryn”

1325172
Pakistanyň Premýer ministri Türkiýe barada öwgülü sözler aýtdy

 

Şweýsariýada geçirilýän Bosgunlaryň halkara forumyna gatnaşýan Pakistanyň Premýer ministri Imran Han forumda eden çykyşynda Türkiýe barada öwgülü sözler aýtdy.

Çykyşyna “Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine we türk halkyna, Türkiýäniň dünýäde iň köp bosguny kabul edendigi üçin sag bolsun aýdýaryn” diýip başlan Imran Han, gyssagly işe girişilmän halatynda has uly bosgun krizisiniň ýüze çykyp biljekdigi dogrusynda duýduryş berdi.

Çykyşynda Kaşmir meselesi barada hem durup geçen Han, 5-nji awgustdan bäri 8 million kaşmirliniň tussaglykda saklanýandygyny we Hindistanyň täze krizise sebäp bolandygyny aýtdy.

Han, “Halkara jemgyýetçiligi Kaşmiriň demografik gurluşynyň üýtedilmeginiň maksat edinilýändigine we Kaşmiriň musulman azlyga öwrülmek islenilýändigine üns bermeli”diýdi.



Degişli Habarlar