Yrakda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan demonstrantlara ot açylmagy sebäpli 16 adam ýogaldy

wakada 70 adam ýaralandy

1319165
Yrakda  şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan demonstrantlara ot açylmagy sebäpli 16 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdatda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan demonstrantlara ot açylmagy sebäpli 16 adam ýogaldy

Paýtagt Bagdatda hökümete garşy ýörişleriň geçirilýän ýeri bolan Tahrir meýdanyndan birnäçe kilometr alysda ýerleşýän Sinek köprüsiniň golaýynda demonstrantlar tarapyndan ulanylýan 7 gatly garaža şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ot açyldy.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, wakada 16 adam ýogaldy, 70 adam ýaralandy.

Yrakly ýolbaşçylar bolsa mesele hakynda heniz resmi beýanat bermedi.

El Hallani meýdanynda ýaragly hüjüme sezewar bolan  1 žurnalist ýogalydy, başga bir žurnalist hem protest ýörişlerinden soň öýüniň öňünde şahsyýeti näbelli ýaragly topar tarapyndan zamun alyndy

 


Etiketkalar: #hüjüm , #demonstrantlar , #Yrak

Degişli Habarlar