Yragyň Nejef welaýatynda 25 demonstrant ýaralandy
Yragyň günortasyndaky Nejef welaýatynda, howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara od açmagy netijesinde 25 demonstrant ýaralandy
1315431
Nejefde, köp sanda demonstrant Muhammed Bakir El-Hakiminiň aramgähiniň giriş gapysyny ýakdylar.
Howpsyzlyk güýçleriniň demonstrantlara od açmagy netijesinde 25 adam ýaralandy.
Polisiýa gullugynyň resmileri, şäherdäki dartgynlygyň artmagy sebäpli ýurdyň paýtagty Bagdatdan Nejefe goşmaça harby güýçleriň gönükdirilendigini habar berdiler.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany 35 müň 709, ýaralananlaryň sany hem 79 müň 990 adama ýetdi